24.05.2022
27.06.2022

Aşgabat halkara howa menzili bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Aşgabat halkara howa menzili Bäherden we Gökdepe etraplarynda, Köpetdagyň dag eteklerinde, Ýalkymdaky ýaşaýyş jaý toplumynda hem-de Arçabil we Gökdere ýollarynyň ugrunda özüne berkidilen ýer meçdançalaryndaky tokaý zolaklara, baglara, agaçlara, gyrymsy agaçlara ideg etmek we olary suwarmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin 1000 (müň) manat möçberde tölegi töläp (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan), bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň arzalary we teklipleri “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Aşgabat halkara howa menzilinde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 12 23-38-11

744008, Türkmenistan, Aşgabat ş.
Bulary hem okaň
2022