03.06.2022
10.06.2022

Daşoguz welaýat häkimligi ýylylyk ulgamlarynda düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek boýunça tender yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň 3, 4, 13, 14, 28, 34, 39, 43, 44 we 55-nji hem-de Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 45, 48, 54, 55, 56-njy orta mekdepleriniň ýylylyk ulgamlarynda düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylary saýlamak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýady barada maglumat;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2022-nji ýylyň 10-njy iýunyna, her gün sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (322) 9-03-02

+993 (322) 9-03-14

Faks:

+993 (322) 9-30-85

Türkmenistan, Daşoguz welaýaty
Bulary hem okaň
2022