22.06.2022
26.07.2022

“Demirýollary” AGPJ ýaşaýyş jaýlary gurmak boýunça tender yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat şäherinde ýaşaýyş jaýlaryň taslamasyny düzmek, gurmak we oňa degişli meýdany abadanlaşdyrmak boýunça №DÝ/AGPJ-022 belgili açyk tender yglan edýär

Basleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri, şeýle hem dalaşgäriň hasaba alyş we düzgün resminamalary, ynanç haty we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
  • tender resminamalarynyň bukjasyny almaly.
  • bäsleşige gatnaşmak üçin 2012,50 manat möçberde (şol sanda 262,50 manat GBüS harajatlary) töleg töläp hasap belgisini almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar “Demirýollary” AGPJ-niň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanýar.

Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) görkezilen salga ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli “Demirýollary” AGPJ-niň edarasynda ,55 otagda (1-nji gat) kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 12 38-34-78

+993 12 38-31-04

Faks:

+993 12 38-32-70

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Türkmenbaşy şaýoly 7
Bulary hem okaň
2022