22.06.2022
01.07.2022

Ahal welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi bazaryň durkuny täzelemek boýunça bäsleşik yglan edýär

Ahal welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäheriniň A.Annanyýazow köçesiniň 1-nji jaý salgysynda ýerleşýän “Ak bazarynyň” durkuny täzelemek we enjamlaşdyrmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige degişli işleri amala aşyrmaga ygtyýarnamasy (Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan bolsa) bolan we Türkmenistanda bellige alnan döwlet eýeçiligine degişli däl kärhanalar, guramalar we telekeçiler gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalar, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar barada maglumaty Ahal welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň ýanyndaky bäsleşik toparyndan alyp bilersiňiz.

Töleg hasaplaşygy işler we hyzmatlar ýerine ýetirilenden soň geçirilýär.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýüztutmalary 2022-nji ýylyň iýul aýynyň 1-ne çenli kabul edilýär.

Bäsleşik 2022-nji ýylyň 8-nji iýulynda geçirilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

(800132) 7-27-69

(+99365) 10-89-59

(+99365) 05-87-77

Türkmenistan, Gökdepe ş.,A. Annanyýazow köçesi, jaý 1
Bulary hem okaň
2022