29.06.2022
12.07.2022

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy gaz guýulary sementlemek boýunça tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Türkmenistanyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynyň çäginde gaz guýulary sementlemek boýunça №CIT-22034-SR belgili tender yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, rekwizitleri we telefon belgileri we kompanivanyň işewürligi barada gysgaça maglumat bermeli.
  • Nebit we gaz guýulary (ýokary basyşly galyň angidrit we duz gatlakly, köp mukdarly wodorod sulfidli gaz ýataklarynda) sementlemek boýunça iş tejribesini görkezmeli. Şeýle hem häzirki wagtda bu ugurda alnyp barýan işleri barada maglumat bermek.
  • Kompaniýanyň soňky 3 ýylyň içinde geçiren maliýe auditiniň hasabatlary barada maglumat bermeli.
  • Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesini tabşyrmaly.

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Elektron salgysy: Narine.Simonyan@cnpcag.com

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
2022