30.06.2022
29.07.2022

Mary welaýat häkimligi gurluşyk işleri boýunça tender yglan edýär

Mary welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirligi şu aşakdaky binalary gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär:

  1. Baýramaly etrabynyň Ýalkym geňeşliginiň Ýalkym obasynda 500 orunlyk orta mekdebi gurmak;
  2. Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginiň Akýap obasynda 320 orunlyk täze çagalar bagyny gurmak;
  3. Mary şäheriniň Bitaraplyk köçesiniň ugrunda 500 orunlyk täze orta mekdebi gurmak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlerden aşakdaky maglumatlar talap edilýär:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
  • soňky 3 ýylyň içinde Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri 2022-nji ýylyň iýul aýynyň 29-na çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 (522) 6-00-34

+993 (522) 6-77-13

Türkmenistan, Mary welaýaty, Mary ş., Türkmenabat köçesi 12
Bulary hem okaň
2022