05.07.2022
18.07.2022

"PETRONAS Çarigali Türkmenistan” tehniki hyzmat bermek boýunça tender yglan edýär

"PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy özüniň tehnologiki zolagyndaky özleşdirilen guýularyň bitewiligi bilen bagly çözgütleri tapmak hem-de guýyüsti enjamlara hem-de fontan görnüşli armaturalara tehniki hyzmat bermek boýunça №РСТ/ТКG-WD/0222/004 belgili tendere gatnaşmaga çagyrýar

Tendere gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky resminamalary taýýarlamaly:

  • tendere gatnaşmak üçin arza (tenderiň nomerini we adyny hökman görkezmeli);
  • arza bermek hukugy üçin ygtyýarlandyrylan wekiliň ynanç haty;
  • Türkmenistanda hasaba alnan kompaniýalar üçin kompaniýanyň bellige alyş resminamasynyň nusgalary (eger olar bar bolsa);

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 (on dört) senenama günüň dowamynda iş wagtlarynda görkezilen salgy boýunça kabul edilýär.

Elektron salgysy:

tender.tkm12@petronas.com.my

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81
Bulary hem okaň
2022