21.07.2022
28.07.2022

Daşoguz welaýat häkimligi gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek boýunça tender yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumyny gurmak hakynda» Kararyna laýyklykda S.A.Nyýazow adyndaky etrapda guruljak täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynda saglyk merkeziniň, 240 orunlyk çagalar bagynyň, 600 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdebiň gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylary seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri 2022-nji ýylyň 28-nji iýulyna, sagat 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (322) 9-03-02

+993 (322) 9-40-33

Faks:

+993 (322) 9-03-14

Türkmenistan, Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş
Bulary hem okaň
2022