“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy harytlary satyn almak boýunça tender yglan edýär
Şertnamanyň goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy Russiýanyň walýutasynda (rublda) aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça №2022/17 belgili tender yglan edýär:
Lot №1 - Kanselýariýa harytlary (bölünmeýän)
Lot №2 - Kompýuter enjamlary (bölünmeýän)
Lot №3 - Elektrotehniki materiallar (bölünmeýän)
Lot №4 – Hojalyk harytlary (bölünmeýän)
Lot №6 – Gurluşyk materiallar (bölünmeýän)
Lot №7 - Gurallar (bölünmeýän)
Tendere gatnaşmak üçin “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna ýüz tutup bilersiňiz:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
- tenderiň tehniki talaplaryny almaly.
Tendere gatnaşmak boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama günüň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
+993 222 6-43-66
Elektron salgysy:
b.halilulin@mail.ru