10.09.2022
25.09.2022

Balkan welaýat häkimligi bäsleşik yglan edýär

Balkan welaýat häkimligi welaýat Düýpli gurluşyk dolandyryş edarasynyň buýurmagynda sanawa goşulan döwletimiziň merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň hasabyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, gurluşygy haýal depginde alnyp barylýan desgalaryň hem-de inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek maksady bilen, täze potratçylary seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri 2022-nji ýylyň 25-nji sentýabryna, her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (222) 2-01-15

+993 (222) 2-01-04

+993 (222) 2-01-06

Balkan welaýaty, Balkanabat ş., Gurbansoltan eje şaýoly, 14
Bulary hem okaň
2022