15.09.2022
30.09.2022

Mary welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirligi mekdep gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Mary welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirligi Sakarçäge etrabynyň Gyzylgum geňeşliginiň Böri obasynda 900 orunlyk mekdebi gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlerden aşakdaky maglumatlar talap edilýär:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
  • soňky 3 ýylyň içinde Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri 2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň 30-na çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (522) 6-00-34

+993 (522) 6-77-13

Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Türkmenabat köçesiniň 12-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022