11.10.2022
01.01.1970

Balkan welaýat häkimligi binalary gurmak boýunça tender yglan edýär

Balkan welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda täze, döwrebap obany gurmak hakynda” Kararyna laýyklykda gurulmaly binalaryň, desgalaryň hem-de inžener ulgamlarynyň gurluşygyny ýerine ýetirmek üçin potratçyny seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Obanyň daşky we içki agyz suw, lagym, elektrik geçiriji ulgamlarynyň, daşky we içki awtoulag ýollaryň, agyz suwuny süýjediji desganyň, lagym suwlaryny süzüji meýdançanyň we lagym sorujy bekediniň, oba barýan hem-de obanyň içerki gaz geçiriji ulgamynyň, 1 sany 260 orunlyk mekdebiniň, 160 orunlyk çagalar bagyň,Saglyk merkeziniň, Geňeşligiň, Polisiýanyň we ýangyna garşy göreş gullugynyň edara binalarynyň,200 orunlyk medeniýet öýüniň, seýilgähiň, 1 gatly, 4 otagly ýaşaýyş jaýlaryň 32-siniň gurluşyklaryny ýerine ýetirmek.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri 2022-nji ýylyň 25-nji oktýabryna, her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (222) 2-01-15

+993 (222) 2-01-04

+993 (222) 2-01-16

Balkan welaýaty, Balkanabat ş., Gurbansoltan eje şaýoly, 14
Bulary hem okaň
2022