13.10.2022
16.11.2022

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banky halkara tender yglan edýär

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banky, öz zerurlyklary üçin aşakdaky lotlar boýunça halkara bäsleşik yglan edýär:

Lot №1 — Döwrebap maglumat howpsuzlygyny üpjün ediji enjamlaryny satyn almak we ornaşdyrmak boýunça;

Lot №2 — Maglumat howpsuzlygyny üpjün etmekde zerur bolan we ýöriteleşdirilen programma üpjünçiligini satyn almak we ornaşdyrmak boýunça;

Lot №3 — Korporatiw tor ulgamynyň enjamlaryny satyn almak we ornaşdyrmak boýunça;

Lot №4 — Maglumatlar binýadyny dolandyryjy programma üpjünçiligini satyn almak we ornaşdyrmak boýunça.

Bäsleşige gatnaşmak üçin degişli ygtyýarnamalary we iş tejribesi bolan ähli gyzyklanýan edara görnüşli taraplar hem-de kompaniýalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplar degişli resminamalary bankyň merkezi edarasyndan alyp bilersiňiz.

Bäsleşik boýunça teklipler şu bildirişiň resmi çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamyndan gijä galman ýapyk bukjalarda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 44-42-11

+993 12 44-42-12

+993 12 44-42-00

Aşgabat ş., Çandybil şaýoly, 121
Bulary hem okaň
2022