24.11.2022
16.12.2022

“Ýelken” HJ bejeriş-abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça tender yglan edýär

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Ýelken” hojalyk jemgyýeti zerur bolan bejeriş-abatlaýyş işlerini geçirmek üçin aşakda görkezilen lotlar boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

Lot №1 — Myhmanlar üçin niýetlenen binalarda we kömekçi binalarda, ýanýodalarda abatlaýyş işlerini geçirmek;

Lot №2 — Myhmanlar üçin niýetlenen binalarda we kömekçi binalarda ýerleşýän mebellerde abatlaýyş işlerini geçirmek;

Lot №3 — Suwa düşülýän howuzlaryň mozaika örtüklerini we daş-töwereginiň plitalaryny täzelemek;

Lot №4 — Suw süýjediji desgalarda bejeriş işlerini geçirmek we zerur himiki erginleri, ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak;

Lot №5 — Ýahtalara, elektrokarlara we awtoulaglara zerur ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak we bejeriş işlerini geçirmek;

Lot №6 — Myhmanlar üçin niýetlenen binalarda we kömekçi binalarda Wi-Fi ulgamyny täzelemek we UPS, wideogözegçilik, telewideniýe hem-de SERWER ulgamynda abatlaýyş işlerini geçirmek.

Gyzyklandyrýan soraglar boýunça «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Ýelken” hojalyk jemgyýetine dynç gününden daşgary beýleki günlerde sagat 09:00-dan 18:00-a çenli ýüz tutup bilersiňiz.

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap, 20 (ýigrimi) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (243) 5-74-88

+993 (243) 5-74-89

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş.
Bulary hem okaň
2022