24.11.2022
24.12.2022

Türkmenabat halkara howa menzili açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenabat halkara howa menzili sanawda görkezilen hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça açyk bäsleşik yglan edýär

1. Türkmenabat Halkara howa menziliniň edara binalarynda ýerleşýän liftlerine we eskalatorlaryna tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek;

2. Türkmenabat Halkara howa menzilinde önümçilik zerurlygy sebäpli CISCO Fire POWER Management center tor ara ulgamynyň ygtyýarnamasyny almak.

Açyk bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar, telekeçiler, hususy kärhanalar ýüzlenme haty bilen aşakdaky resminamalary we maglumatlary hödürlemeli:

  • kompaniýa barada gysgaça maglumat, hukuk derejesi, hasaba alnandygy barada resminamalary, ýuridiki salgysy, kompaniýanyň jogapkär wekili, onuň el we iş telefony;
  • kompaniýanyň agzalan ugur boýunça bar bolan tejribesi hakynda maglumatlar;
  • bäsleşige gatnaşjak kompaniýanyň jogapkär wekiliniň ynanç haty;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin 1000,00 (müň) manady yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen tölemeli.

Bildiriş berlen gününden açyk bäsleşige teklipler 1 (bir) aýyň dowamynda sagat 09:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Degişli resminamalar Türkmenabat Halkara howa menziliniň marketing we şertnamalar bölümine berilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (422) 9-46-78

+993 (422) 9-47-03

Türkmenabat şäheri, Bagtyýarlyk köçesi
Bulary hem okaň
2022