Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
TDHÇMB
07.12.2022
20.12.2022
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Türkmenistanyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynda önüdürilýän gaz kondensatynyň azyndan ýylda 75000 tonnasyny ýerlemek boýunça tender yglan edýär
Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:
- kompaniýanyň ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanan tendere gatnaşmak barada arza;
- Kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, rekwizitleri we telefon belgileri we kompaniýanyň işewürligi barada gysgaça maglumat bermeli;
- Kompaniýanyň soňky 3 ýylyň içinde bu ugurda alyp baran taslamalary barada maglumat bermeli;
- kompaniýanyň hasaba alyş resminamasy, ygtyýarlandyrylan wekile resminamalary tabşyrmak we kabul etmek üçin kompaniýanyň ynanç haty
- Soňky 3 ýylyň dowamynda kompaniýanyň maliýe ýagdaýy barada maglumat bermeli;
- sarp edijiler bilen iş gatnaşyklary, esasanam sebitdäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar bilen iş gatnaşyklary;
- Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesini tabşyrmaly.
Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18:00-a çenli kabul edilýär.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.
Jogapkär hünärmen: Gylyjow Çaryýar
Elektron salgylary: chary.k@cnpcag.com; ligang02@cnpcag.com
Telefon belgileri: + 993-12 44 -54-19; + 993-12 44 -53-06;
Faks: + 993-12 44 -55-51
Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, 3-nji gat, 310-njy otag
Bulary hem okaň