01.02.2023
07.03.2023

“Türkmengaz” DK gaz himiýa zawodyny gurmak boýunça gaýtadan halkara tender yglan edýär

“Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleri” hakyndaky kanunyna laýyklykda önümçiligi bölmek şerti bilen “Türkmengaz” döwlet konserni tender boýunça toparyň adyndan metanol, ammiak, metildietanolamin, dietilen glikol we trietilen glikol önümçilik gaz himiýa zawodynyň taslamasyny düzmek we ony dolulygyna gurmak hem-de etan fraksiýasyny almak maksady bilen Lebap welaýatynyň Bagaja ýatagyndaky suwuklandyrylan gaz öndürýän desganyň durkuny täzelemek boýunça gaýtadan halkara tender yglan edýär

Tendere gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyş bolmaly.
  • “Türkmengaz” DK Daşary ykdysady gatnaşyklar bölüminden degişli tehniki talaplary we arza tabşyrmak üçin gerekli maglumatlary hem-de şertnamanyň esasy şertlerini almaly;

Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipler kabul edilmeýär.

Bäsleşik teklipli bukjalary görkezilen salga ugratmaly.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

+993 12 40-32-40

+993 12 40-32-50

+993 12 40-32-63

Faks:

+993 12 40-32-59

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022