09.02.2023
15.03.2023

TDHÇMB öz işini sanlylaşdyrmak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy manatda biržanyň işini sanlylaşdyrmagyň taslamasyny işläp düzmek we ony ornaşdyrmak boýunça açyk tender yglan edýär

Tendere gatnaşmak üçin TDHÇMB binasyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 5000 manat möçberinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 17.00-a çenli kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 44-60-14

+993 12 44-60-10

+993 12 44-60-09

Elektron salgysy:

info@exchange.gov.tm

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 52
Bulary hem okaň
2022