17.02.2023
26.02.2023

“Demirgazyk söwda ýoly” HJ ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

“Demirgazyk söwda ýoly” hojalyk jemgyýeti F-800 kysymly buraw sorujy üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça №02-ХО belgili halkara bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • bäsleşigiň tehniki talaplaryny almaly
  • bäsleşik teklibini ibermeli

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama günüň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar şu aşakdaky tertipde tabşyrylýar:

  • Ýerli kompaniýalar bäsleşik teklipli bukja iki nusgada ("A" we "B" bukjada) tabşyrmaly.
  • Daşary ýurt kompaniýalar teklibi parol bilen goralýan arhiw faýlynda kompaniýanyň resmi demirgazyksovdajoly@gmail.com elektron salgysyna ibermeli, arhiw faýlynyň paroly bäsleşik teklipleri kabul edilenden soň ertesi gün kompaniýanyň resmi elektron salgysa iberilmeli.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri we bäsleşigе degişli anyk maglumaty görkezilen salgydan alyp bolýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 61-70-27

+993 61-70-28

+993 222-2-01-17

Elektron salgysy:

demirgazyksovdajoly@gmail.com

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, 211 kwartal, jaý 72
Bulary hem okaň
2022