18.03.2023
21.04.2023

“Demirýollary” AGPJ maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti maddy-tehniki serişdelerini satyn almak üçin aşakdaky lot boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-030 belgili açyk halkara tender yglan edýär:

Lot №1 – Demir ýol geçelgelerinde duýduruş ulgamy, aragatnaşyk we elektrik üpjünçiligi üçin materiallar we tehniki serişdeler

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, dalaşgäriň hasaba alyş we tertipnama resminamalaryny, ynanç haty we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
  • bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly;
  • Lot üçin 575 amerikan dollary möçberde (şol sanda 75 amerikan dollary - GBS) tölegi tölemeli.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar “Demirýollary” AGPJ-niň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanýar.

Bellik: ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan bäsleşik resminamalary kabul edilmeýär

Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) görkezilen salgyda ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli “Demirýollary” AGPJ-niň edarasynda 55 ýa-da 56 otaglarda (1-nji gat) kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 12 38-31-04

+993 12 38-32-31

Faks:

+993 12 38-31-03

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Türkmenbaşy şaýoly 7
Bulary hem okaň
2022