29.03.2023
02.05.2023

“Türkmenhimiýa” DK maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tender toparynyň adyndan, Türkmenabatdaky S.A. Nyýazow adyndaky himiýa zawody üçin aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär:

Lot №2 Umumy we tehnologiki enjamlar

Lot №3Elektrotehniki önümler

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan bäsleşik resminamalary kabul edilmeýär);
  • "Türkmenhimiýa" DK üçin maddy-tehniki harytlar bilen üpjün edijileri we potratçylary saýlap almak boýunça halkara bäsleşiklerini geçirmegiň Düzgünleri bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny we bäsleşigiň tehniki talaplaryny almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin her Lot üçin 500 (bäş ýüz) amerikan dollary möçberinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölegi töläp, bäsleşik resminamalaryny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş günüň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 10.00-a çenli görkezilen salgy boýunça kabul edilýär. (Türkmenistan, Aşgabat, Arçabil şaýoly, 132, Türkmenistanyň senagat toplumynyň 4-nji gaty, 424-nji otag, maddy-tehniki üpjünçilik müdirliginiň himiýa önümçiliginiň üpjünçilik bölümi).

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 39-01-69

+993 12 39-01-71

Туркменистан, г.Ашхабад, Арчабил шаёлы, 132
Bulary hem okaň
2022