05.04.2023
27.04.2023

"Türkmenhimiýa" DK maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça halkara tenderiň möhletini uzaldýar

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tender toparynyň adyndan, “Balkanabat” ýod zawody üçin gerekli harytlary satyn almak boýunça halkara tenderiň möhletini uzaldýar

Lot №1 – Turbalar we metal önümleri

Lot №5 – Himiýa önümleri we kömekçi serişdeler

Lot №6 – Beýlekiler

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan bäsleşik resminamalary kabul edilmeýär);
  • "Türkmenhimiýa" DK üçin maddy-tehniki harytlar bilen üpjün edijileri we potratçylary saýlap almak boýunça halkara bäsleşiklerini geçirmegiň Düzgünleri bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny we bäsleşigiň tehniki talaplaryny almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin her Lot üçin 500 (bäş ýüz) amerikan dollary möçberinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölegi töläp, bäsleşik resminamalaryny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 20 iş günüň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 10.00-a çenli kabul edilýär.

Söwda tekliplerini iki sany möhürlenen bukjada tabşyrmaly. Birinji bukjada tehniki häsiýetnamalar, ikinji bukjada bolsa hödürlenýän önümleriň bahalary bilen täjirçilik teklibi bolmaly.

Bäsleşik teklipli bukjada ähli resminamalaryň skanirlenen görnüşi “PDF” formatynda we Excel formatynda spesifikasiýa görkezilmelidir.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 39-01-63

+993 12 39-01-66

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň
2022