13.04.2023
29.04.2023

“Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ÝGPJ auditorçylyk we hukuk hyzmatlaryny bermek boýunça halkara tender yglan edýär

“Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti maýa goýum taslamasy boýunça halkara ülňülerine laýyklykda auditorçylyk we hukuk hyzmatlaryny bermek üçin aşakdaky lotlar boýunça halkara tender yglan edýär:

Lot №1 — toplumlaýyn maliýe barlagy;

Lot №2 — toplumlaýyn hukuk barlagy;

Lot №3 — Maliýe ýagdaýy bahalandyrmak

Bäsleşik teklipleri şu bildiriş çap edilenden gününden başlap 15 iş günüň dowamynda aşakda görkezilen salgy boýunça kabul edilýär.

Bäsleşigiň şertlerini we tehniki ýumşy aşakda görkezilen salgydan ýa-da e-poçta arkaly ýüz tutup bilersiňiz: turkmeninvest@sanly.tm

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 48 19 28

+993 12 48 19 38

Aşgabat şäherindäki Garaşsyzlyk şaýolunyň 32-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022