1. Töleg şertleri
BT saýtynyň salgysy bolan business.com.tm ýa-da onuň mobil telefon programmasy arkaly satyn alnan abunalar üçin sizden aýlyk ýa-da ýyllyk görnüşde töleg soralar. Siziň saýlap alan töleg görnüşiňizden awtomatiki usulda pul tölenip, bu amal yzygiderli aýma-aý görnüşde ýa-da ýyllyk esasda ýerine ýetiriler. Siziň abuna ýazylmagyňyz awtomatiki usulda täzelenip, eger-de siz ony togtatmasaňyz, tölegler her gezekki töleg möwsüminden öň amala aşyrylar.
Eger-de siz tanyşdyryş teklibi esasynda abuna ýazylan bolsaňyz, tanyşdyryş möhletiňiz tamamlanandan soň, siziň töleg görnüşiňizden awtomatiki usulda aýma-aý pul çekiler we ol abonentligiň doly bahasyna bolar. Ähli nyrhlar we tölegler size iberiler we olaryň tölenmegine diňe siz jogap berýärsiňiz.
2. Materiallaryň we hyzmatlaryň üýtgedilmegi
Biz özümiziň elektron hyzmatlarymyza islendik wagt üýtgetme girizmek hukugyna eýediris. Eger-de başga düzgünlere görä töleg edýän materiallaryňyz üçin nyrhlary wagtlaýyn kemeltsek ýa-da size berilýän hyzmatlary wagtlaýyn azaltsak, onda size töleg gaýtargysy berilmez.
3. Abonentligiňizi üýtgetmek
Eger-de siz abuna ýazylyşyňyzy üýtgetseňiz, size beriljek täze abunalar üçin täzeden nyrh kesiler.
4. Ýatyrmak we töleg gaýtargysy
Eger-de siz abuna ýazylmagyňyzy ýatyrsaňyz, onda siz abonentligiňiz bilen bagly diňe geljekki tölegleri ýatyrýarsyňyz. Abuna ýazylmagyňyzy ýatyrmak isleýändigiňizi bize islendik wagt habar berip bilersiňiz, emma onuň ýatyrylmagy dowam edýän töleg möwsümi tamamlanandan soň güýje girer.
Abonentliňizi üýtgetmek ýa-da ýatyrmak isleseňiz, biz bilen info@business.com.tm arkaly habarlaşyň.
5. Biziň ýatyrmagymyz
Biz siziň abonentligiňizi islendik sebäbe görä, öňünden habar berip ýa-da bermezden, hiç zada borçly bolmazdan togtatmak ýa-da ýatyrmak hukugyny özümizde saklaýarys. Şeýle ýagdaýlarda size töleg gaýtargysy berilmän biler. Eger-de biziň elektron hyzmatlarymyzyň belli bir bölegi ýa-da ählisi wagtlaýyn duruzylsa, onda size töleg gaýtargysy berilmän biler. Biz öz kararymyza görä töleg gaýtargylaryny bermek hukugyny özümizde saklaýarys. Eger-de biz gaýtargylary tölesek, onda size geljekde şol möçberdäki tölegi ibermäge borçly däldiris.