Türkmenistanyň DIM-de Türki geňeşiň Baş sekretary kabul edildi

BT
Türkmenistanyň DIM-de Türki geňeşiň Baş sekretary kabul edildi

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) Baş sekretary Bagdad Amreýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 11-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmeginde Türki geňeşiň uly ähmiýetiniň bardgyny, onuň sebitde ykdysady hem-de medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň ösüşine oňyn täsiri ýetirýändigini belläp geçdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny hem mälim etdiler.

Bagdad Amreýew Türki geňeşiň Baş sekretary wezipesine 2018-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Türki geňeşiň 6-njy sammitinde Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi tarapyndan bellendi.

Türki geňeş Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Türkiýe tarapyndan 2009-njy ýylda bilelikde esaslandyryldy.