760 müň gektardan 1,6 million tonna galla ýygnaldy

BT
760 müň gektardan 1,6 million tonna galla ýygnaldy
Daýhanlar 5-nji iýunda badalga berlen galla oragynyň dowamynda 760 müň gektar meýdandan däne ýygnadylar.

27-nji iýunda türkmen daýhanlary Watan harmanyna guşgursak azyklyk bugdaýyň 1 million 600 müň tonnadan gowragyny tabşyryp, uly zähmet ýeňşini gazandylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy (TDH) habar berýär.

25-nji iýunda ýurdumyzda ilkinjiler bolup Ahal welaýatynyň gallaçylary 450 müň tonnadan gowrak däne taýýarladylar. Şol günüň ertesi Mary welaýatynyň ekerançylary şeýle üstünlik barada hasabat berdiler. Maryly daýhanlar Watan harmanyna bugdaýyň 380 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar.

27-nji iýunda bolsa, Lebap, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Lebap welaýatynyň zähmetkeşleri Watan harmanyna 350 müň, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary 300 müň, Balkan welaýatynyň gallaçylary 120 müň tonnadan gowrak ýokary hilli azyklyk bugdaýy tabşyrdylar.

Daýhanlar 5-nji iýunda badalga berlen galla oragynyň dowamynda 760 müň gektar meýdandan däne ýygnadylar. Şeýle hem 2019-njy ýylda bugdaýy satyn almagyň täze döwlet nyrhlary girizildi. Geçen ýylky bilen deňeşdirilende, azyklyk bugdaýyň bir tonnasynyň bahasy 2 esse ýokarlandyryldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС