TDHÇMB-niň söwdalaryna harytlary çykarmak üçin zerur resminamalaryň sanawy (daşarky bazara)

TDHÇMB
TDHÇMB-niň söwdalaryna harytlary çykarmak üçin zerur resminamalaryň sanawy (daşarky bazara)

1. Harydy söwda çykarmak baradaky haýyş bilen Birža ýüzlenme haty.

2. Harydy satmak baradaky bellenen görnüşde doldurylan ýüztutma.

3. Ýokarda durýan guramanyň harydy birža söwdalarynda ýerlemäge rugsat berýän haty (döwlet kärhanalaryna).

4. Harydyň gelip çykyşy:

  • eger haryt satyjy tarapyndan Türkmenistanyň çägine getirlen bolsa – şertnama, ýük gümrük jarnamasy;
  • eger haryt satyjy tarapyndan içerki bazarda satyn alnan bolsa – şertnama, harydy kabul etmek-tabşyrmak baradaky güwänama, töleg resminamasy şertnamanyň töleg şertlerine görä berilýär.

5. Haryt satyjynyň öz öndüren önümi bolmasa harydyň bazar bahasy barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumaty (baha barada maglumat bolmadyk ýagdaýynda – ýük gümrük jarnamasy).

6*. Eger, satyjy harydyň öndürijisi bolup durýan bolsa, öndürilen harydyň özüne düşýän bahasynyň hasaplamasy.

7*. Söwda çykarylýan harydyň laýyklyk güwänamasy.

8*. Ýolbaşçynyň we maddy jogapkär şahsyň gollary bilen, kärhananyň möhüri arkaly tassyklanan harydyň barlygy hakynda güwänama.

9. Harytlaryň TDHÇMB-nyň talaplaryna laýyklykda çykarylan ýöriteleşmesi.

10. Ygtyýarlylandyrmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleri boýunça degişli ygtyýarnama.

11. Telekeçilik işini amala aşyrmak hukugyny tassyklaýan resminamalar:

  • edara görnüşindäki taraplara – tertipnama ýa-da düzgünnama, EGTÝDS-dan göçürme, bellige alynandygy hakyndaky şahadatnama, daşary ykdysady işe gatnaşyjynyň şahadatnamasy;
  • edara görnüşindäki tarapyny döretmeýän telekeçilere – patent we bellige alyş şahadatnamasy, daşary ykdysady işe gatnaşyjynyň şahadatnamasy.

Bellik:

  1. Harytlaryň aýry-aýry görnüşlerini daşarky bazara ýerlemäge Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň rugsady.
  2. Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda, şeýle hem ýüztutmanyň şertlerine baglylykda Biržanyň goşmaça resminamalary talap etmäge hukugy bardyr.
  3. Birža berilýän resminamalaryň ygtybarlylygy üçin harydyň satyjysy jogapkärçilik çekýär.

*- hakyky (real) harydy