Türkiýede eksporty giňeltmek boýunça täze maksatnama badalga berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýede eksporty giňeltmek boýunça  täze maksatnama badalga berildi
Türkiýede 2019-njy ýylda senagat pudagyna degişli 403 müň kärhananyň diňe 8.7% eksporty amala aşyrdy.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Administratiw edarasynda penşenbe güni gurnalan metbugat ýygnagynda Türkiýäniň söwda ministri Ruhsar Pekjan “81 welaýatda eksporta ilkinji ädim” atly maksatnama badalga berilýändigini mälim etdi. Bu barada “Anadolu Ajansi” habar agentligi habar berýär.

R.Pekjan bu maksatnamanyň tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edip, onuň amala aşyrylmagynyň Türkiýäniň eksport kuwwatyny artdyrmakda we diwersifikasiýalaşdyrmakda möhümdigini nygtady.

Maksatnamanyň adyndan belli bolşy ýaly, ol bu ýurduň 81 welaýatynda heniz eksport etmedik, emma eksport kuwwaty bar bolan kärhanalara ilkinji eksport amallaryny guramaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Söwda ministriniň sözlerine görä, Merkezi Anadolyda we 81 welaýatda ýaýbaňlaşdyryljak bu maksatnama ýurduň ykdysady taryhynda durmuşa geçiriljek iň möhüm eksport maksatnamasydyr. “ Biz bu maksatnamanyň Türkiýäniň eksportyna itergi berjekdigine ynanýarys” diýip, R.Pekjan belledi.

Onuň aýtmagyna görä, 2019-njy ýylda senagat pudagyna degişli 403 müň kärhananyň diňe 8.7% eksporty amala aşyrdy, bu bolsa Türkiýäniň Söwda ministrligine eksporty giňeltmek boýunça işleri alyp barmaga itergi berdi.

Türkiýäniň Söwda ministrliginiň maglumatyna görä, şu ýylyň oktýabr aýyndaky ýagdaýa görä, eksport amala aşyrýan kompaniýalaryň sany, geçen ýylyň oktýabr aýy bilen deňeşdirilende 5,8% ýokarlanyp, olaryň sany 43 müňden gowrak boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022