Ýük awtoulaglary üçin “Artyk-Lýuftabat” serhetýaka geçelgesi açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýük awtoulaglary üçin “Artyk-Lýuftabat” serhetýaka geçelgesi açyldy
Türkmenistanyň çägine girenden soňra, eýran ýük ulaglarynyň ýükli tirkegleri türkmen ýük ulaglaryna birikdirilip, Türkmenistanyň çäginde eltmeli ýere ýa-da üçünji ýurduň serhedine çenli eltip berler.

Türkmenistan we Eýran Artyk -Lýuftabat serhet geçelgesini ýük ulaglaryň gatnawy üçin synag görnüşinde açdylar. Bu barada eýran köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanyp, “ORIENT.tm” sişenbe güni habar berdi.

Ylalaşylan sanitariýa çärelerine laýyklykda, Türkmenistanyň çägine girenden soňra, eýran ýük ulaglarynyň ýükli tirkegleri türkmen ýük ulaglaryna birikdirilip, Türkmenistanyň çäginde eltmeli ýere ýa-da üçünji ýurduň serhedine çenli eltip berler.

Soňra türkmen ýük awtoulaglary Artykdaky eýranly sürüjilere boş tirkegleri gaýtaryp bererler. Bu tertip türkmen ulaglarynyň Eýranyň çägine girmegi üçin hem degişlidir diýip, habarda aýdylýar.

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales 29-njy noýabrda öz ýurdunyň Aşgabat bilen söwda gatnaşyklaryny giňeltmek isleýändigini aýtdy.

Arbab Halesiň IRNA habar agentligine beren beýanatynda bellenilişi ýaly, eýran we türkmen kompaniýalary koronawirus pandemiýasy sebäpli köp sanly çäklendirmelere garamazdan ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny saklamak we güýçlendirmek üçin köp tagalla edýärler.

Eýran ilçisi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy bilen geçirilen duşuşykda önümçilik we işewürlik ugurlarynda Eýran bilen özara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna seredilendigini belledi.

2022