Türkmenistanda dokma önümleriniň täze elektron söwda binýady dörediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda dokma önümleriniň täze elektron söwda binýady dörediler
Bu taslamany Dokma senagaty ministrliginiň “Altyn asyr” harytşynaslyk merkeziniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikdäki tagallalary bilen amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde wise-premýer Çary Gylyjow Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa dokma önümleriniň elektron söwda binýadyny döretmek barada geçirilýän işler barada hasabat berdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, häzirki wagtda elektron binýady döretmek işleri dowam edip, onuň sahypalarynda dokma nyşanlary, marketing hyzmatlary barada degişli maglumatlary ýerleşdirmek, şol sanda çykarylýan dürli dokma önümlerini satyn almak üçin elektron görnüşdäki sargytlary resmileşdirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem birinji tapgyrda sargyt edilen dokma önümleriniň ýurdumyz boýunça eltilmegini, geljekde bolsa daşary ýurtlara iberilmegini guramak meýilleşdirilýär.

Elektron söwda binýady ýörite programmalar bilen üpjün ediler. Geljekde elektron söwda binýadynyň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy söwda ulgamlary hem-de ýurdumyzyň bu ugurda üstünlikli iş alyp barýan söwda ulgamlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Bu taslamany Dokma senagaty ministrliginiň “Altyn asyr” harytşynaslyk merkeziniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikdäki tagallalary bilen amala aşyrmak meýilleşdirilýär.