“Türkmenpoçta” awtoulag sürüjilerine täze hyzmaty hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenpoçta” awtoulag sürüjilerine täze hyzmaty hödürleýär
Müşderiler gulluga jaň edip, awtoulag üçin jerimeleriň bellenendigi we olar boýunça näçe tölegleriň geçirilmelidigi hakynda maglumat alyp bilýärler.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” kompaniýasynyň sorag-jogap gullugy awtoulag sürüjilerine täze hyzmaty hödürleýär. Bu barada “Türkmenaragatnaşyk” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, gulluga “075” belgi arkaly jaň edip, müşderiler öz awtoulag belgilerini aýtmak bilen, awtoulagyň tizliginiň bellenilen çäkden ýokarlandyrylandygy üçin jerimeleriň bellenendigi we olar boýunça näçe tölegleriň geçirilmelidigi hakynda giňişleýin maglumat alyp bilerler.

Şeýle hem, bu belgä jaň etmek arkaly halkara ýollamalar, olaryň nyrhnamalary we ýollamalara bellenilen ýere gelýänçä gözegçilik etmek boýunça, şeýle-de Türkmenistanyň gazet-žurnallaryna degişli beýleki zerur maglumatlary alyp bolýar.

“Türkmenpoçta” kompaniýasy 2019-njy ýylda Türkmenistanyň çäginde pul geçirim hyzmatyny hödürläpdi. 2020-nji ýylyň dekabrynda bolsa kompaniýa täzelenen internet sahypasynyň kömegi bilen müşderiler üçin ýurdumyzyň içinde iberilýän ýollamalary yzarlamak hyzmatyny ýola goýupdy.

2022