Türkmenistanda pandemiýa garşy göreşe ýaşlary çekmek boýunça maksatnama gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda pandemiýa garşy göreşe ýaşlary çekmek boýunça maksatnama gol çekildi
Resminama Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko gol çekdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda sişenbe güni “Bütindünýä pandemiýa bilen baglanşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek” atly BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Habara görä, türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG tarapyndan bolsa guramanyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko resminama gol çekdiler.

Bu taslama toplumlaýyn we adamlara gönükdirilen usullar arkaly adam howpsuzlygynyň üpjün edilmegi babatyndaky çemeleşmäniň nazarda tutulmagy bilen, ýerli derejede döwlet gullukçylarynyň mümkinçilikleriniň pugtalandyrylmagyny, şeýle-de bu ilatly nokatlarda Durmuş-ykdysady taýdan dessin çäreleri görmegiň Meýilnamasynyň amala aşyrylmagyny maksat edinýändir.

Mundan başga-da, maksatnama aýratyn alnan sebitleriň ýaşlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen bolup, ýerli bileleşikleriň ösdürilmegine saldamly goşant goşmaga mümkinçilik berýändir.

Mälim bolşy ýaly, bu taslama Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG bilen milli derejede Durnukly Ösüş Maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen bilelikdäki işleriniň çäklerinde amala aşyrylar.

2022