Türkmen kompaniýalary bahasy $35,5 million bolan eksport-import şertnamalaryny baglaşdy

БИЗНЕС ТУРКМЕНИСТАН
Türkmen kompaniýalary bahasy $35,5 million bolan eksport-import şertnamalaryny baglaşdy
Maslahata 170-den gowrak wekil gatnaşyp, olaryň 40-sy daşary ýurtly işewürler, 138-si ýurdumyzyň wekilleridir.

Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň öňüsyrasynda, anna güni YHG-a agza döwletleriň işewürlik maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalary bilen umumy bahasy 35,5 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan eksport-import amallary boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Maslahata 170-den gowrak wekil gatnaşyp, olaryň 40-sy daşary ýurtly işewürler, 138-si ýurdumyzyň wekilleridir. Şeýle-de dünýäniň dürli ýurtlaryndan 300-den gowrak telekeçi forumyň işine sanly ulgam arkaly gatnaşdy.

TSTB-nyň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, demir ýol-ýük geçelgesini ulanmak boýunça Gazagystan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýol edaralarynyň arasynda Özara düşünişmek Ähtnama hem gol çekildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň degişli düzümleri bilen YHG-a agza ýurtlaryň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 11 million dollaryndan gowrak bolan ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekildi.

Şeýle hem, işewür toparlaryň wekilleri 17 resminama we birža söwdalarynyň netijesinde 25 resminama gol çekdiler.

Hususan-da, türkmen kompaniýalary Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkiýe we Özbegistan ýaly döwletlere konditer önümlerini (Miweli ülke, Datly şerbet, Altyn Ýunus we ş.m.) eksport etmek üçin şertnamalara gol çekdi. Gol çekilen import şertnamalarynyň arasynda Türkmenistanda mebel öndürmek üçin Türkiýeden enjamlary hem-de Gazagystandan galla önümlerini getirmek we ş.m. ylalaşyklar bardyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022