FTPP II-niň çäginde Türkmenistanda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalar

Nurmyrat Mommaýew
FTPP II-niň çäginde Türkmenistanda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalar
Türkmenistan oba hojalygyndaky zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we global bäsdeşlikdäki ornuny pugtalandyrmak üçin oba hojalygyny özgertmäge hem-de güýçlendirmäge ygrarlydyr.

FAO-Türkiýe Azyk we Oba hojalygy Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň (FTPP II) çäginde durmuşa geçirilýän we Azerbaýjana, Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana, Türkiýä, Türkmenistana hem-de Özbegistana gönükdirilen “Ýyladyşhana gazlarynyň çykarylyşyny azaltmak üçin ownuk şahly mallaryň ýetişdirilmeginiň netijeliligini ýokarlandyrmak” taslamasy oňa gatnaşýan ýurtlarda we tutuşlygyna Merkezi Aziýa sebitinde ownuk şahly mallaryň köpeldilmeginiň netijeliligini seljermegi we olaryň ýetişdirilmeginiň ýokarlandyrylmagyny maksat edinýär.

Türkmenistan oba hojalygyndaky zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we global bäsdeşlikdäki ornuny pugtalandyrmak üçin oba hojalygyny özgertmäge hem-de güýçlendirmäge ygrarlydyr. Bu maksat bilen FAO we Türkmenistan Hökümeti “Ýyladyşhana gazlarynyň çykarylyşyny azaltmak üçin ownuk şahly mallaryň ýetişdirilmeginiň netijeliligini ýokarlandyrmak” atly taslamany bilelikde durmuşa geçirmek üçin 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda şertnama baglaşdylar. Şertnama baglanyşmagyň maksady üç ugur boýunça, ýagny:

  1. Durnukly ösüş maksatlary baradaky maglumatlary ýygnamak we derňemek;
  2. Ösýän eksport potensialy arkaly has netijeli, täsirli we sanly oba hojalygyna goşant goşmak;
  3. Tebigy baýlyklary durnukly dolandyrmak arkaly betbagtçylygyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek;

ýaly ugurlarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edip, durnukly ösüş maksadyna ýetmekdir.

Taslama Türkmenistanda we umuman sebitde maldarçylyk pudagynyň ösdürilmegine, ilkinji nobatda DÖM 1 (Garyplygyň soňy), DÖM 2 (Açlygyň soňy), DÖM 13 (Klimat Hereketi), DÖM 15 (Ýer durmuşy) ýaly dürli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine ýardam bermegi maksat edinýär.

Taslamada oba hojalyk pudagynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, pudaga häzirki zaman tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we onuň döwrebaplaşdyrylmagy bilen oba ýerlerinde durmuş derejesini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň oba hojalyk önümleriniň arasynda miweler, gök önümler, pagta dokma önümleri we maldarçylyk pudaklary gelejegi uly bolan pudaklar bolup, bu ugurlary durnukly ösdürmek üçin FAO bilen hyzmatdaşlyk edilýär. Sanlylaşdyrmak oba hojalygy ösdürmegiň möhüm şertleriniň biridir. FAO maglumatlary paýlaşmak we beýleki usullar arkaly Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hem-de degişli beýleki hyzmatdaşlar bilen oba hojalyk tehnologiýalaryny we oba hojalygyny kämilleşdirmek, oba hojalygyň öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin sanly tehnologiýalary ösdürmek hem-de ulanmak boýunça tejribesini paýlaşar.

Türkmenistan FAO-nyň ýöriteleşdirilen bölümleri bilen azyk boýunça eksport bazarlarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek, şeýle hem agrosenagat toplumynyň eksport potensialyny güýçlendirmek boýunça teklipleri bermekde hyzmatdaşlyk edýär.

Innowasiýa çemeleşmelerine, sanly tehnologiýalara we ekologiýa taýdan arassa çözgütlere has giň elýeterliligiň üpjün edilmegi energiýanyň, suwuň, ýeriň we beýleki tebigy baýlyklaryň tygşytly hem-de durnukly ulanylmagy üçin mümkinçilik berer.

Şeýle-de taslama haýwanlaryň eýeleri üçin Amaly daýhan mekdepleri arkaly okuw seminarlaryny geçirmek hem-de milli we halkara hünärmenler tarapyndan daýhanlary taýýarlamak boýunça innowasion çemeleşmeleri döreder.

Taslamanyň çäginde aýal-gyzlaryň we ýaşlaryň gatnaşmagyna aýratyn üns bermek bilen, meýilleşdirilen 36 aýlyk döwürde (2024-nji ýylyň apreline çenli) ondan peýdalanýan taraplaryň hünärleriniň hem-de başarnyklarynyň ýokarlandyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

2022