TDHÇMB-nyň duşenbe güni geçirilen söwdalarynda $25,5 millionlyk geleşik baglaşyldy

BIZNES TURKMENISTAN
TDHÇMB-nyň duşenbe güni geçirilen söwdalarynda $25,5 millionlyk geleşik baglaşyldy
STG boýunça geleşikleriň umumy bahasy 1 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçirilen söwdalarynda 48 sany geleşik baglaşyldy. Bu geleşikleriň umumy bahasy 25,5 million ABŞ dollaryna we 32 million manada barabar boldy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri 1,9 müň tonna suwuklandyrylan tebigy gaz (STG) satyn aldylar. Harydyň bahasy ozalky söwdalardaky bilen deňeşdirilende, 0,80 ABŞ dollary peselip, bir tonnasynyň bahasy 566 ABŞ dollaryna deň boldy. STG boýunça geleşikleriň umumy bahasy 1 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDHÇMB sişenbe güni mälim etdi.

Şeýle hem, owgan işewürleri söwdalarda A-92 görnüşli awtoulag benzininiň 3,3 müň tonnasyny satyn aldylar. Onuň bahasy ozalky söwdalardaky bilen deňeşdirilende, 1,9% artyp, bir tonnasynyň bahasy 1044,50 ABŞ dollaryna barabar boldy. Haryt boýunça geleşikleriň umumy bahasy 3,3 million ABŞ dollaryna deň boldy.

TDHÇMB-da Türkiýäniň hem-de Owganystanyň wekilleri umumy bahasy 18,6 million ABŞ dollaryna deň bolan suw bilen arassalanan dizel ýangyjynyň 15 müň tonnasyny satyn aldylar. Mundan başga-da, söwdalarda Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri göni işlenen benziniň 3,7 müň tonnasyny satyn aldylar. Ýangyç boýunça ähli geleşikleriň bahasy 2,4 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler T60-475-119 görnüşli ýokary dykyzlykly polietileniň 1,6 müň tonnadan gowragyny, nah ýüplük we elde dokalan türkmen halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 32 million 424 müň 200 manada deň boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022