Türkmenistan ulag pudagynda birnäçe ýurtlaryň hökümetleri bilen resminamalara gol çekdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan ulag pudagynda birnäçe ýurtlaryň hökümetleri bilen resminamalara gol çekdi
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi Gruziýanyň Deňiz ulag agentligi bilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sişenbe güni geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistan birnäçe ýurtlaryň hökümetleri bilen ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça degişli resminamalara gol çekdi.

Hususan-da, maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Moldowa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawy hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Russiýanyň Ulag ministrliginiň arasynda halkara awtomobil daşamalary ösdürmek babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi Gruziýanyň Deňiz ulag agentligi bilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdi.

Forumyň netijeleri boýunça deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň Jemleýji Beýannamasy hem kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022