Türkmenistanda täze nebit we dökün önümçilik zawodlarynyň gurulmagy meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda täze nebit we dökün önümçilik zawodlarynyň gurulmagy meýilleşdirilýär
Bu ugurda ylalaşyga gelmek meselesine Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisinde serediler.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepdäniň sişenbe güni Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanda nebit, dökün önümleri öndürmek üçin täze zawodlary gurmak boýunça pikir alyşdy.

Bu duşuşyk Gurbanguly Berdimuhamedowyň 25-nji sentýabrdan 1-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýa iş saparynyň çäginde geçirildi.

Duşuşyga Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd”, “Komatsu Ltd” kompaniýalarynyň, “ITOCHU”, “Mitsubishi”, “Sumitomo”, “Marubeni”, “Sojitz”, “JGC” korporasiýalarynyň ýolbaşçylary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň ýapon tarapynyň başlygy, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtmagyna görä, diňe soňky dört ýylyň içinde Garabogazdaky ammiak we karbamid öndürýän gazhimiýa toplumy, Gyýanlydaky polimer zawody, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody hem-de Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky gaz turbinaly elektrik stansiýasy ýaly iri senagat kärhanalary ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda işe girizildi.

Duşuşygyň dowamynda maýa goýum işjeňligini pugtalandyrmak, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny artdyrmak we gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Ýurdumyzda ozal bar bolan önümçilik-senagat desgalarynyň ikinji tapgyryny gurmak baradaky çözgütlere garaldy. Bu desgalar hakynda aýtsak, Garabogazda 600 müň tonna ammiak, şeýle-de 1 million 155 müň tonna karbamid dökünini, Owadandepede 600 müň tonna gazdan benzin öndürýän zawodlary gurmak, Türkmenabatda ýylda 300 müň tonna fosfor dökünini öndürýän zawodyň gurluşygy, şonuň ýaly-da, ýurdumyzda türkmen we ýapon telekeçileriniň bilelikde 640 müň tonna karbamid we 400 müň tonna ammiak öndürýän zawody gurmaklary meýilleşdirilýär.

Bu ugurda ylalaşyga gelmek meselesine Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisinde serediljekdigi bellenildi.

Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Gurbanguly Berdimuhamedowyň wagt tapyp duşuşandygy we öňe süren başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýandyklaryny, degişli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda gepleşikleri geçirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

2022