Aşgabat şäher bazarlar birleşigi gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçyny saýlamak boýunça bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Aşgabat şäher bazarlar birleşigi öz düzüm birligindäki Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň 27-nji salgysynda
ýerleşýän «Ak ýol» bazarynda gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçyny saýlamak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalaryny we tekliplerini Aşgabat şäheriniň 1945-nji (10 ýyl Abadançylyk) köçesiniň 165-nji jaý salgysynda ýerleşýän Aşgabat şäher bazarlar birleşiginde bellenen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar şu bildirişiň çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli kabul edilýär.

Ilan eden:
Aşgabat şäher bazarlar birleşigi
Ayrıca bakınız