Mary welaýatynyň Tagtabazar, Garagum we Wekilbazar etraplarynda boş iş orunlaryň hödürleniş çäreleri geçiriler

Welaýatyň çäginde ýerleşýän edara­kärhanalaryň, guramalaryň, hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem welaýatyň ýaşaýjylarynyň dykgatyna Tagtabazar etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Tagtabazar etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň ýygnaklar zalynda sagat 9:30-dan 12:00-a çen li aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Tagtabazar etrabynyň Pendi geňeşligi.

Telefon belgisi: +993 568-5-21-05

Garagum etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2022-nji ýylyň 16-njy maýynda Garagum etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminde sagat 10:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Garagum etrabynyň Ýagtyýol şäherçesiniň Atabaýew köçesiniň 10-njy jaýy.

Telefon belgileri: +993 557 4-02-36, +993 557 4-02-37, +993 557 4-02-38

Wekilbazar etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2022-nji ýylyň 20-nji maýynda Wekilbazar etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminde sagat 10:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Wekilbazar etrabynyň Mollanepes şäherçesiniň Türkmenistan köçesiniň 8-nji jaýy.

Telefon belgileri: +993 558 6-11-94, +993 558 6-11-95

Edara -kärhanalaryň, guramalaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Işe ýerleşmek isleýän raýatlar bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşyp bilerler.

Telefon belgileri: +993 522-7-41-46, +993 522 7-41-88

Ayrıca bakınız
2022