Vacancy

“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy açyk iş orunlaryny yglan edýär

Schedule:

“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar:

Aşgabat şäherinde işlemek üçin bölüm kömekçisi (zähmet gatnaşyklary boýunça).

Bildirilýän talaplar:

  • Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:
  • Bilimi: orta bilim ýa-da deň derejeli bilimi hakyndaky resminamasy bolmaly.
  • Iş tejribesi: işgärler bölüminde ýada degişli pudakda 3 ýyldan 5 ýyla çenli iş tejribesi bolmaly.
  • Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
  • Endikleri we başarnyklary: “MS Offiсe” (“MS Word”, “MS Excel”) programmasyny bilmeli.

Gyýanly obasynda işlemek üçin hünärmen (ýardam etmek gullugy boýunça).

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

  • Bilimi: inženerçilik hünäri ýa-da onuň bilen baglanyşykly pudaklar boýunça ýokary bilimi bolmaly.
  • Iş tejribesi: nebitgaz pudagynda 5 ýyldan 7 ýyla çenli iş tejribesi bolmaly.
  • Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
  • Endikleri we başarnyklary: “MS Offiсe” (“MS Word”, “MS Excel”) programmasyny bilmeli.

Sowalnamalary “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän (“B” blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 1 hepde­den gijä galman “PÇ(T)SB” kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Contact
Employer:
“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd”
2022