16.05.2026
02.07.2026

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi etrap kazyýetleriniň edara binalaryny gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň buýurmagynda Daşoguz welaýatynyň Akdepe, Görogly, Lebap welaýatynyň Farap, Halaç, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap kazyýetleriniň edara binalaryny gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar we teklipler şu ýylyň 2-nji iýulyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 44-46-77

+993 12 44-46-64

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022