Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) wekiliýeti 2026-njy ýylyň 22–23-nji iýulynda Türkiýäniň haryt biržasy (TÜRİB) bilen iş duşuşyklaryny geçirmek üçin iş sapary bilen Ankara şäherine bardy. Bu barada TÜRİB özüniň resmi X sosial sahypasynda habar berdi.
Maksatnamanyň çäklerinde iki ýurduň biržalarynyň wekilleri ygtyýarlandyrylan ammarlarda önümleri saklamak ulgamy, elektron ammar resminamalar bazary (ELÜS), ygtyýarly klassifikatorlaryň iş ýörelgesi, TÜRİS ulgamynyň ulanylyşy hem-de oba hojalyk önümleriniň haryt bazarlarynyň işi boýunça maglumat we tejribe alyşarlar.
Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň orunbasary Ýusup Amansaryýew we Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň Hukuk üpjünçiligi we kadrlar müdirliginiň başlygynyň orunbasary Azat Jelilow girýär.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy bilen Türkiýäniň haryt biržasynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem haryt bazarlarynyň gurluşy we iş ýörelgeleri bilen tanyşmak boýunça duşuşyklar geçiriler.
Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti Polatly haryt biržasynyň işi, barlaghana hyzmatlary hem-de ygtyýarlandyrylan ammar desgalary bilen tanyşar.













