Ýanwar–fewral: Türkmenistan Özbegistana 209 tonna şokolad eksport etdi

BT
Ýanwar–fewral: Türkmenistan Özbegistana 209 tonna şokolad eksport etdi
Şokolad önümleriniň taýýarlanylýan pursady (Surat: "RIA Nowosti")

Türkmenistan 2026-njy ýylyň ýanwar–fewral aýlarynda Özbegistana 209,1 tonna şokolad önümlerini eksport etdi. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti penşenbe güni habar berdi.

Hasabat döwründe Özbegistan 34 ýurtdan umumy bahasy 27,7 million ABŞ dollaryna deň bolan takmynan 6,6 müň tonna şokolad import etdi.

Habarda bellenilişi ýaly, iň iri üpjün ediji 4 müň 407 tonna möçberi bilen Russiýa bolup galýar. Esasy eksportçylaryň hatarynda Ukraina (607 tonna), Gazagystan (201,8 tonna) we Türkiýe (190,7 tonna) hem bar. Polşa bolsa Özbegistana 124,4 tonna önüm iberdi.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar–fewral aýlarynda 149,5 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

2022
ENG TM РУС