Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparyna gabatlanyp, Gwangju şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Açylyş dabarasy Gwangju şäherindäki Aziýa medeniýeti milli merkezinde geçirildi. Oňa iki ýurduň medeniýet ministrlikleriniň we ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdylar.
Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirilip, medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar taryhy-medeni mirasy gorap saklamagyň, halkara festiwallara, sergilere, maslahatlara we konsertlere medeniýet hem-de sungat işgärleriniň gatnaşmagynyň möhümdigini bellediler.

Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet medeniýet merkezi bilen Koreýa Respublikasynyň Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministrliginiň Aziýa medeniýeti milli merkeziniň arasynda medeni alyş-çalyşda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Gatnaşyjylar resminamanyň iki ýurduň medeni merkezleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam berjekdigini bellediler.
Açylyş dabarasynyň dowamynda türkmen medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti hem-de milli amaly-haşam sungatynyň eserlerinden ybarat sergi guraldy. Sergide muzeý gymmatlyklary, suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň eserleri, şeýle hem milli lybaslar görkezildi.
Konsert maksatnamasynda aýdym-saz, tans we horeografik-folklor çykyşlary, şol sanda dürli dillerde ýerine ýetirilen aýdymlar tomaşaçylara hödürlendi. Çärä gatnaşyjylar Medeniýet günleriniň iki ýurduň halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dowam edýär.

















