Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Koreýanyň arasynda ulag-logistika hyzmatdaşlygyny giňeltmäge çagyrdy

BT
Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Koreýanyň arasynda ulag-logistika hyzmatdaşlygyny giňeltmäge çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitindäki çykyşy (Surat : “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji işewürlik sammitinde eden çykyşynda Merkezi Aziýa bilen Koreýanyň arasynda durnukly ulag geçelgelerini we logistika arabaglanyşygyny ösdürmäge işewür toparlary işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyna strategik taýdan ileri tutulýan ugur hökmünde garap, oňa aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy. Döwlet Baştutany yklymyň ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşýän Merkezi Aziýanyň we Koreýanyň geografik ýerleşişiniň döredýän mümkinçiliklerinden we artykmaçlyklaryndan işjeň peýdalanmagyň, durnukly ulag geçelgelerini hem-de logistika arabaglanyşygyny döretmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň bu ugurdaky hyzmatdaşlyga ähli zerur goldawy bermäge taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ykdysady, söwda, maýa goýum we işewürlik hyzmatdaşlygyny yzygiderli hem-de uzak möhletleýin ösdürmekde işewürlik jemgyýetçiliginiň ornuny aýratyn belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany işewürlik jemgyýetçiliginiň ornunyň uludygyny belläp, telekeçileriň täze taslamalary we hyzmatdaşlygyň görnüşlerini öňe sürmäge, şeýle hem möhüm kararlary kabul etmekde hökümetlere amaly, usuly taýdan goldaw berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýurduň işewürlik jemgyýetçiliginiň arasynda göni gatnaşyklary we alyşmalary ösdürmek üçin ähli zerur ýardamy bermäge, işewürlik işjeňligini, özbaşdaklygy we innowasiýalary höweslendirmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň ykdysady we tehnologik kuwwatynyň geljegi uly taslamalary amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Serdar Berdimuhamedow Koreýanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaşy hökmünde özüni görkezendigini aýtdy. Türkmenistan koreý kompaniýalarynyň we maliýe institutlarynyň bilelikdäki taslamalara goşýan goşandyna ýokary baha berýändigini belläp, koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda dürli ulgamlarda iri we uzak möhletleýin taslamalaryň durmuşa geçirilendigi we olaryň dowam etdirilýändigi nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitiniň netijelerine hem ünsi çekdi. Ol duşuşygyň öz wagtynda geçirilendigini we amaly taýdan wajypdygyny aýdyp, sammitiň dowamynda köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga bolan umumy maksadyň tassyklanandygyny belledi.

Işewürlik sammitiniň netijeleriniň Bilelikdäki Beýannamada, şeýle hem hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyklarda we ähtnamalarda öz beýanyny tapjakdygy bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýanyň arasynda özara söwdany ösdürmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС