Türkmenbaşy şäherinde SOKOLOV şaý-sepler dükany açylar

BT
Türkmenbaşy şäherinde SOKOLOV şaý-sepler dükany açylar
SOKOLOV — 1993-nji ýylda esaslandyrylan Russiýanyň şaý-sepler brendi (Surat: BT)

2026-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenbaşy şäherinde Russiýanyň SOKOLOV şaý-sepler brendiniň ilkinji dükany açylar. Dükanyň salgysy Magtymguly köçesiniň 23-nji jaýy.

SOKOLOV — 1993-nji ýylda esaslandyrylan Russiýanyň şaý-sepler brendidir. Kompaniýanyň öz önümçiligi, gymmat bahaly metallary arassalaýan zawody we Russiýanyň hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň çäginde dükanlar ulgamy hereket edýär. Brendiň önümleriniň hatarynda gymmat bahaly daşlar bilen bezelen altyn we kümüş şaý-sepler, sagatlar, şeýle hem kosmetika önümleri we sumkalar bar.

SOKOLOV şaý-sepleriň dizaýnynyň häzirki zaman ugurlaryna laýyklykda täze kolleksiýalary yzygiderli hödürleýär. Her bir şaý-sep döwrebap tehnologiýalaryň we tejribeli ussalaryň el zähmetiniň utgaşdyrylmagy arkaly taýýarlanýar.

Täze dükanyň açylyşy mynasybetli SOKOLOV myhmanlara ähli önümlere 30 göterim arzanladyş hödürleýär. Bu teklip çäkli wagtyň dowamynda hereket eder.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022