Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäherinde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçirilýär

Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Gyzylarbat etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Gyzylarbat şäheriniň Ý.Geldimämmedow köçesiniň 18-nji jaýynda sagat 10:00-dan 13:00-a çenli ilata boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýärler.

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini, işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaga çagyrylýar.

Salgysy: Gyzylarbat şäheriniň Ý.Geldimämmedow köçesiniň 18-nji jaýy.

Telefon belgileri:

(800246) 5-37-72

(800246) 5-44-30

Ayrıca bakınız
2022