İş İlanları
“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy bölüm kömekçi wezipesine hünärmenleri işe çagyrýar
“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar:
Gyýanly obasynda işlemek üçin bölüm kömekçisi (ýük gatnawlaryny guramak).
Bildirilýän talaplar:
Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:
- Bilimi: orta bilim ýada deň derejeli bilim hakynda resminamasy bolmaly.
- Iş tejribesi: degişli pudakda azyndan 3 ýyl iş tejribesi bolmaly.
- Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
- Endikleri we başarnyklary: “MS Offiсe” programmasynda işlemegi başarmaly.
Sowalnamalary “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän (“B” blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.
Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman, “PC(T)SB” kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.
Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.