İş İlanları
Hünär ýoluňyzyň ilkinji ädimini ädiň: “PETRONAS” kompaniýasynyň ýaş hünärmeni
Siz nebit-gaz pudagynda hünär ýoluňyza başlamak isleýän hyjuwly, gujurly we ýaş hünärmenmi? Biz “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” (PÇ(T)SB) kompaniýasynyň Ýaş hünärmenleri ösdürmek maksatnamasyna gatnaşmak üçin zehinli adamlary gözleýäris. Bu ýokary okuw jaýlarynyň (uniwersitetleriň) uçurymlaryny amaly önümçilik tejribesi arkaly tehniki hünärmenlere öwürmäge gönükdirilen, 1 ýyllyk şertnamaly (iň köp 3 ýyla çenli) işe ýerleşdirme boýunça güýçli depginli maksatnama bolup durýar. Maksatnamany üstünlikli tamamlanandan soň, hemişelik wezipä geçmek mümkinçiligi döredýän möhletli we wagtlaýyn zähmet şertnamasy.
Kabul ediş şertleri:
- 2026-njy ýylyň 31-nji dekabry ýagdaýyna 31 ýaşyna ýetmedik Türkmenistanyň raýatlary.
- Ýerli ýa-da daşary ýurt uniwersitetinde inženerçilik, geologiýa we geofizika ugurlary boýunça alnan ýokary bilim (daşary ýurt uniwersitetleriniň diplomlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ykrar edilen bolmaly)
- Iňlis dilini gowy derejede bilmeli (Intermediate dereje)
- Endikleri we başarnyklary: Örän gowy kommunikatiw we ýolbaşçylyk häsiýetleri, çalt öwrenmek ukyplary we işjeň bolmaly.
Iş ýeri: Aşgabat ş. / Gyýanly şäherçesi
Elýeterli wezipeler:
Ýaş hünärmen (Nebit we gaz ýataklaryny ulanmak boýunça inžener)
- Ýaş hünärmen (Geolog)
- Ýaş hünärmen (Petrofizik)
- Ýaş hünärmen (Guýynyň içindäki işler)
- Ýaş hünärmen (Materiallaryň poslamasyna garşy göreş we olaryň barlagy)
- Ýaş hünärmen (Nebit we gaz desgalarynda inžener tehnolog)
- Ýaş hünärmen (Deňiz desgalarynda ýygnamak/düzmek)
- Ýaş hünärmen (Enjamlaryň ygtybarlylygy)
- Ýaş hünärmen (Mehaniki aýlanýan enjamlar)
- Ýaş hünärmen (Ölçeg işlerini geçirmek boýunça inžener)
Bu mümkinçilikden peýdalanyň! Nebit-gaz pudagynda öz geljekki hünär ýoluňyzyň düýbüni tutuň. Maksatnama gatnaşyň we “PÇ(T)SB” kompaniýasynyň bir bölegi boluň!
Arzalary kabul etmegiň soňky möhleti: Gyzyklanýan dalaşgärler Işe ýüz tutma formasynda (JAF) isleg bildirýän wezipesini anyk görkezip, 2026-njy ýylyň 31-nji martyna çenli tabşyrmalydyrlar. Işe ýüz tutma formalar (JAF) “PÇ(T)SB” kompaniýasynyň kabulhanasynda elýeterlidir.