Türkmenistan 5-10-njy noýabrda Şanhaý şäherinde geçirilýän Hytaýyň import harytlarynyň 6-njy halkara sergisine gatnaşýar. Giň gerimli bu çärä dünýäniň 154 ýurdundan 3,4 müň töweregi edara-kärhanany bir ýere jemledi.
Dokma senagaty ministrligi, Söwda-senagat edarasy we işewürlerden düzülenTürkmenistanyň wekiliýeti hem bu halkara sergä gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugy çarşenbe güni habar berdi.
Import harytlarynyň halkara sergisinde dürli pudagyň, şol sanda oba hojalyk, azyk senagaty, maşyngurluşyk, çalgy serişdeleri, ätiýaçlyk şaýlary, himiýa senagaty, internet tehnologiýalary, kompýuter önümçiligi we üpjünçiligi, dokma senagaty, bezeg, lukmançylyk we derman senagaty ugurlaryna degişli köpsanly täze önümleri, taslamalardyr oýlap tapyşlary synlamak bolýar.
Türkmen önüm öndürijileriniň bu abraýly halkara sergä gatnaşmaklary, olara dünýäniň eksport-import işewürligine özleriniň öndürýän ýokary hilli önümleri bilen tanyşdyrmaga, dürli ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we ýakyn geljek üçin özara bähbitli işewürlik gepleşiklerini geçirmäge mümkinçilik berýär.
Hytaýyň import harytlarynyň halkara sergisi (CIIE) HHR-iň Hökümeti tarapyndan guralýan iri we möhüm ähmiýetli çäreleriň biridir. Ol söwdanyň we ykdysadyýetiň globallaşmagynyň erkin ýöredilmegini goldamaga gönükdirilip, bu işlerde döwletiň tutýan ornuny we halkara söwdanyň ösüşini beýan etmekde amatly meýdança bolup hyzmat edýär.